Ï Türkmenistanly talyplar Moskwada matematika boýunça halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyplar Moskwada matematika boýunça halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler

view-icon 108
Türkmenistanly talyplar Moskwada matematika boýunça halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 25–30-njy noýabr aralygynda Moskwada Patris Lumumba adyndaky Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan guralan matematika boýunça halkara olimpiadasynda (RUDN MATH OLYMP-2025) üstünlikli çykyş etdiler.

Abraýly bäsleşikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary ýokary netijeleri görkezdiler. Kerimguly Bendow şahsy hasapda hormatly birinji orny we altyn medaly eýeledi, Yslam Haýytmuhammedow üçünji orna we bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary matematikany oňat bilýändiklerini hem-de ders boýunça taýýarlyklaryny görkezdiler. Şeýle hem milli toparyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet energetika institutynyň talyplary girdiler.

RHDU-da geçirilen olimpiada Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň talyplary gatnaşdylar.

Moskwadaky matematika boýunça Halkara olimpiada dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň matematika aýratyn gyzyklanma bildirip gatnaşmak isleýän ýaşlarynyň ählisini her ýyl garşylaýar.

Olimpiada talyplaryň matematika bolan hakyky gyzyklanmalaryny goldamak, matematika boýunça zehinli talyplaryň ösüşini höweslendirmek, gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini hem-de ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň özara hereketlerini giňeltmek maksady bilen geçirilýär.