Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça neşir edilen uniwersitetleriň «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň altyn sanawyna girdi.
Türkmen ýokary okuw mekdebi geçen ýylky bilen deňeşdirilende, eýeleýän ornuny ep-esli gowulandyryp, mümkin bolan bolan 10 000 balldan rekord derejesindäki 7675 ball toplap, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň arasynda abraýly reýting sanawynda 306-njy orny eýeledi.
Mundan başga-da, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitet «UI GreenMetric» dünýä reýtinginiň sanawynda şu ýyl ýerleşen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-siniň hatarynda öňdebaryjy boldy.

2025-nji ýylda reýtinge dünýäniň 105 ýurdundan uniwersitetleriň jemi 1745-si gatnaşdy.
Reýting agentliginiň halkara bilermenleri alty esasy ugurlar: infrastruktura we binalar, energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, galyndylary dolandyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa taýdan arassa ulag, bilim we ylmy barlaglar diýen ugurlar boýunça ýokary okuw mekdeplere baha berýärler hem-de ballary gowşurýarlar.
Ýokary mekdepler reýtingde toplanan ballaryň umumy möçberinden ugur alnyp düzülýär hem-de üç ugur: altyn, kümüş we bürünç ugurlar boýunça paýlanylýar. Iň ýokary hasaplanylýan altyn derejäni 7500-den gowrak ballary toplan ýokary okuw mekdeplere gazanmak başardýar.
«UI GreenMetric» reýtinginde altyn dereje – munuň özi durnukly ösüş, ekologiýa taýdan arassa infrastruktura we bilim babatda ajaýyp tagallalaryny görkezýän uniwersitet üçin ykrarnamanyň ýokary derejesi.
Reýtingiň alty ugurlarynyň hersi boýunça ýokary netijeleri görkezen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «altyn derejeli» uniwersitetleriň sanawyna girdi.
Uniwersitet bu reýtinge dördünji ýyl yzygiderli gatnaşyp, durnukly ösüş hem-de ykdysady görkezijileriň ýokarlanyşyny görkezýär. Ine, 2022-nji ýylda uniwersitet 637-nji orny, 2023-nji ýylda 432-nji, 2024-nji ýylda 328-nji we 2025-nji ýylda bolsa 306-njy orny eýeledi.
Uniwersitetiň gazanan üstünligi milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak hem-de türkmen ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy ýokary mekdepleriniň hataryna girizmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply işleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Munuň özi döwletde ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine, bu ulgamda ylmy we bilimi ösdürmäge neneňsi uly ähmiýet berilýändiginden hem habar berýär. Türkmenistan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär hem-de durmuş, ykdysady we ekologiýa, umumydünýä durnukly ösüşine gönükdirilen daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak babatda birnäçe halkara ylalaşyklaryny we konwensiýalaryna gatnaşmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.