Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge hem-de ýetip gelýän Täze, 2026-njy ýyl mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Açyk breýn-ring geçirildi.
«Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk» diýen at bilen geçirilen intellektual bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda guraldy.
Breýn-ringiň meýdançasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň 18-sinden iň oňat toparlar – bilimlerini görkezmäge hem-de ukyp-başarnyklary bilen haýran etmäge taýýar talyplaryň ýüzden gowragy duşuşdylar.
Bu gün instituta zehinleri goldamak hem-de bäsleşigiň barşyna syn etmek üçin köp sanly tomaşaçylar hem – gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplary, ätiýaçlykdaky toparlary we çäräniň beýleki myhmanlary ýygnandylar.
Toparlar üçin Türkmenistanyň hemişelik Bitaplygy, onuň eýeleýän orny we ähmiýeti, halkara gatnaşyklary, döwlet nyşanlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň Täze ýyl däpleri, medeni aýratynlyklar, gyzykly maglumatlar hem-de baýramçylygyň taryhy temalary boýunça dürli gyzykly sowallar taýýarlanyldy.
Bäsleşik türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilip, üç tapgyrdan ybarat boldy, tapgyrlaryň hersinde zehinli talyplara 12 sowal berildi. Umuman, akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylara intellektual sowallaryň 36-sy berildi. Toparlar bäsleşip biri-birinden öňürti dogry jogaby dessine bermäge ymtylyp, wagta hem-de netijä uly ähmiýet berip, örän işjeňlik görkezdiler. Ýaryşa gatnaşyjy toparlara pikirlenmäge, özara maslahatlaşyp jogap bermäge bary-ýogy 1 minut wagt berildi.
Breýn-ringiň netijeleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary birinji orny eýelediler.
Ikinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň toparlary paýlaşdylar.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary üçünji orny eýelediler.
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, breýn-ringiň meýdançasynda mynasyp bäsdeşleriň ajaýyp duşuşygy geçirildi. Toparlaryň bäsleşikde öňde baryjy bolmaga, ýeňşe mizemez ymtylmalary, ýaş zehinleriň ýokary işjeňlikleri, elbetde, bularyň ählisi eminleriň öňünde iň oňat gatnaşyjylary saýlamakda çylşyrymly wezipäni goýdy. Ýöne, käbir pursatlarda örän dartgynly, janly hem-de bäsdeşlik ýagdaýynyň emele gelmegi netijesinde bäsleşik, hakykatdan-da, özüne çekiji we şowhunly bolup, gatnaşanlaryň ählisine hem-de ýokary okuw mekdebiň köp sanly myhmanlaryna şatlykly duýgylary we baýramçylyk ruhuny bagyş etdi.
Talyplaryň breýn-ringi ýaşlaryň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine, parahatçylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda halkara gatnaşyklaryny gurmagyň ýörelgelerine düşünmeklerini çuňlaşdyrmak, watançylygy terbiýelemek, dünýägaraýşy, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, olaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmak, zehinleri we ukyplary açmak, talyplaryň intellektual we logiki pikirlenişini ösdürmek maksady bilen geçirildi.