Ï Ýürekler bilelikde seslenende
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýürekler bilelikde seslenende

view-icon 86
Ýürekler bilelikde seslenende

Mary şäherinde «Ýürekden – From the Heart» atly joşgunly konsert geçirildi. Bu çäre agzybirligiň we goldawyň aýdyň nyşany boldy. Konsert çagalary, ýaşlary, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlary, hormatly dynç alyşdaky raýatlary we meýletinçileri bir ýere jemläp, zehiniň we edermenligiň çäksizdigini görkezdi.

Konsert «Däp-dessur» hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat şahamçasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde guraldy.

Çäräniň esasy maksady dürli mümkinçilikli adamlaryň giňişligini döretmek we zehinlerini goldamakdyr.

Baýramçylyk maksatnamasy örän baý we dürlüligi bilen tapawutlandy. Ol çagalaryň, şeýle-de Mary şäheriniň sagaldyş-okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň çykyşlaryny, şeýle hem «Däp-dessur» hojalyk jemgyýetiniň işjeň pensionerler klubunyň şowhunly tans kompozisiýasyny öz içine aldy.

Mundan başga-da, Baýramaly şäheriniň maýyplaryň bedenterbiýe-sport klubunyň gatnaşyjylary tarapyndan sahnalaşdyrylan çykyşy we TGÝMJ-niň meýletinçileriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şol sanda iňlis dilinde ýerine ýetirilen aýdym, instrumental duet we ylham beriji «Owadan uzak» («Прекрасное далёко») kompozisiýasy tomaşaçylara aýratyn täsir etdi.

Gatnaşyjylaryň köpüsi üçin sahna çykmak buýsançly pursatlaryň biri boldy. Bu barada Baýramaly şäheriniň maýyplaryň bedenterbiýe-sport klubunyň wekili: «Biz sahna çykanymyzda, bizi eşidýändiklerini we görýändiklerini duýýarys. Bu bolsa bize öňe gitmek üçin güýç we ylham berýär» diýip, buýsanç bilen aýtdy.

Bu baýramçylyk çärede sungat aýratyn orun eýeledi. Foýede konserte gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan el işleriniň sergisi görkezildi. Bu döredijilik işleri olaryň ussatlygyny we özboluşlylygyny görkezdi. Mundan başga-da, çäräniň her bir myhmany foýede döredilen uly bezeg diwar suratynda özünden ýadygärlik yz galdyrmaga mümkinçilik aldy. Bu köpçülikleýin eser agzybirligiň we goldawyň güýçli alamatyna öwrüldi.

Konsertiň iň ýokary pursady «Arkadagly Serdarym» atly watançylyk aýdymyň gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hem-de ýadygärlik surata düşmek pursady boldy. «Ýürekden – From the Heart» konserti hoşniýetliligiň, ýönekeý ynsanperwerligiň we agzybirligiň gymmatlyklaryny wagyz etmekde ýene bir üstünlikli ädimdir.