Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «CodeMaster 2025» hakaton bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary ýaryşyň baş baýragynyň eýesi boldy.
Birinji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Serhet institutynyň toparlary eýelediler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary ikinji orny paýlaşdylar.
Üçünji baýrakly orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine hem-de Türkmen oba hojalyk institutyna wekilçilik eden talyplaryň toparlarynyň üçüsi mynasyp boldular.
Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň degişli derejelerdäki diplomlary we sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşik 4 – 5-nji dekabrda toparlaýyn görnüşde sanly ulgam arkaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň talyplary gatnaşdylar, olaryň her birine düzümi 4 talypdan ybarat bolan 1 topar wekilçilik etdi. Degişlilikde, hakaton bäsleşiginiň meýdançasynda 17 topar çykyş edip, IT-wezipeleri çözmekde öz bilimlerini, zehinlerini hem-de ukyplaryny görkezdiler.
Intellektual bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlar dürli pudaklar we maksatlar üçin programma üpjünçiliginiň özboluşly işläp taýýarlamasyny görkezmeli boldular. Işi ýerine ýetirmäge 3 sagat wagt berildi.
Toparlaryň taýýar IT-çözgütlerine eminler esasy ugurlaryň bäşisi: programmanyň interfeýsiniň göze gelüwliligi, ulanmakda ýönekeýligi we oňaýlylygy, programma üpjünçiliginiň işleýiş tizligi, maglumat goraglylygynyň üpjün edilişiniň hili, programmanyň göwrümi boýunça baha berdiler.
Hakaton bäsleşigi talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik we innowasion mümkinçiliklerini, seljeriş häsiýetli pikirlenişini, zehinlerini we ukyplaryny, geljekki hünärlerine gyzyklanmalaryny ösdürmek, şeýle hem dürli pudaklar we wezipeler üçin programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak başarnyklaryny kemala getirmek, programma üpjünçilikleriniň netijeliligini artdyrmagyň ýollaryny kesgitlemek hem-de topar bolup işlemegi başarmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirildi.