Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň hünärmenleri gumuň göçmegi we çölleşmek meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Bu ylmy-barlag işleriniň çäklerinde sianobakteriýalaryň biomassasy esasynda dökülýän çägeleri berkitmek we olaryň göçmeginiň öňüni almak üçin bionanokompozit material (BNKM) döredildi.

Täze taslama bakteriýalary perspektiw obýektler hökmünde çölleşmä garşy göreşde ulanylar. Bu usul biomassany taýýarlamakdan, ony komponentler bilen garyşdyrmakdan, çöl depelerini örtmekden we gurakçylyga çydamly ösümlikleri ekmekden ybaratdyr. Bu bolsa çyglylygyň saklanmagyna we gündelik temperaturanyň üýtgemegi mahalynda, kondensasiýa arkaly hasylly toprak gatlagynyň emele gelmegine ýardam edýär.
Çöl gumlaryndaky synag meýdançalarynda geçirilen synaglar işlenip düzülen materialyň berkidiji häsiýetleriniň netijeliligini, şeýle hem ekilen ekinleriň çalt ornaşmagyny we ösmegini subut etdi. Bu çemeleşme eroziýa garşy göreşmekde we zaýalanan ýerleri dikeltmekde uly mümkinçilikleri görkezýär.

Türkmen alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan bionanokompozit material gurak çöl zolagynda, esasanam howanyň üýtgemegi we guraklyk şertlerinde eroziýa we çölleşen ýerleriň fitomeliorasiýasynda ulanylyp bilner. Innowasion tehnologiýa çölleşmä garşy göreşmek boýunça milli strategiýa möhüm goşant bolup durýar, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek baradaky Konwensiýasyny we Milli Hereket Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyk gelýär.

Ýurdumyzyň, takmynan, 80 göterimini çöller tutýanlygy sebäpli biotehnologiýalaryň we täze materiallaryň ulanylmagy ýer serişdelerini dikeltmekde we goramakda täze mümkinçilikleri açýar.

Bu iş Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory D.Gadamow, biotehnologiýalar laboratoriýasynyň müdiri A.Rahmanowa, laboratoriýanyň uly ylmy işgäri A.Aşyrowa we laborant A.Annamowa tarapyndan ýerine ýetirildi. Synaglar we ylmy işler Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň şahadatnamasy bilen tassyklanan taslamanyň çäklerinde geçirildi.