Ï Ýokary okuw mekdepleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary okuw mekdepleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi

view-icon 162
Ýokary okuw mekdepleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi

10-njy dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Çagalaryň we ýetginjekleriň beden taýdan ösüşine baha bermegiň we olary synag etmegiň usullary» diýen tema boýunça onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň esasy maksady ösüp gelýän nesilleriň beden taýdan ösüşine baha bermäge we gözegçilik etmäge ylmy çemeleşmelere çuňňur garamakdan ybarat boldy.

Lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleriniň belleýişleri ýaly, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň ösüşine we saglygyna yzygiderli gözegçilik etmegiň keselleriň öňüni almak hem-de olary öz wagtynda ýüze çykarmak üçin zerur şert bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde, çykyş edenler ilatyň saglygyny berkitmegiň uzak möhletleýin milli strategiýasyny kemala getirmekde bu çemeleşmäniň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň, keselleriň öňüni almakda oýlanyşykly iýmitlenmegiň eýeleýän möhüm orny, şeýle hem ýurtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyldy.

Çykyşlarda döwletde ýaşlaryň arasynda sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan syýasatyň ýokary netijelerine we oňaýlylygyna aýratyn üns berildi. Çykyş edenler bu ulgamda başlangyçlaryň üstünlikli öňe ilerledilmeginiň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemegiň berk binýadyny döredýändigini nygtadylar.

Çärä gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de her bir raýatyň, esasan-da, ösüp gelýän nesilleriň saglygy barada aladanyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilip, ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan hemişelik üns berilýändigi we uly tagalla edilýändigi barada aýratyn hoşallyk bilen aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda şeýle okuw maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň talyplaryň, ýaş hünärmenleriň ylym-bilimlerini giňeltmäge hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmaga ýardam edýändigi, şeýle hem ýurduň bilim we lukmançylyk ulgamlarynyň häzirki döwürde işjeň ösýän şertlerinde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.