Türkmen döwlet gurjak teatry daşary ýurt drama eserleriniň hepdeliginiň soňky gününde iňlis ýazyjysy Radýard Kiplingiň meşhur hekaýasy esasynda goýlan «Maugli» sahna oýnuny görkezdi.

Sahna oýny barada pikirini bildiren ýaş režissýor Kerim Ataýew şeýle diýdi: «Bu sahna oýny arkaly adamyň tebigatyň bir bölegidigini we Maugliniň ýabany haýwanlar bilen ösendigine garamazdan, adamkärçiligini saklap galandygyny tomaşaçylaryň aňyna ýetirmek isleýärin. Ol diňe içki güýjüniň we adamkärçiliginiň saýasynda, başyna düşen synaglardan üstünlikli geçýär. Maugli jeňňel kanunyny kabul edendigi üçin diri galýar».

Kerim Ataýew we teatryň döredijilik topary sahnada baý, täsin tebigatly we göreş joş urýan haýwanat durmuşly jeňňel howasyny döretmegiň hötdesinden gelipdir. Sahna oýny ajaýyp ýörite täsir bilen başlanýar: tomaşaçylar jeňňeli öz mülkünde äwmän, salyhatly süýşüp barýan Ka atly ýylanyň gözi bilen görýär. Ol gyryljak sesi bilen pyşyrdap, tomaşaçylara ýüzlenýär: «Men – jeňňeliň gözi. Geçmişi-de, geljegi-de görüp bilýärin. Size jeňňeliň ýok bolup gitmezligi üçin nähili göreşendigini gürrüň bereýin. Men bir gije jeňňel ilatynyň öz ykbalyny öň hiç haçan görmedikleri kiçijek bir mahluga – Mauglä – ynanyşlarynyň şaýady boldum».

Sahna oýnunyň baş gahrymany Maugli tomaşaçylaryň öňünde gorky-ürkini bilmeýän bilesigeliji çaga (gurjak), çakgan oglanjyk (artist Gaýgysyz Pürliýew) we paýhasly ýetginjek (aktýor Söhbet Orazmuhammedow) görnüşinde peýda bolýar. Sahna suratkeşi Didar Allakowyň bilimi netijesinde teatr ilkinji gezek gurluş mehanizmli gurjaklary ulanmaga başlady. Bu bolsa artistlere öz duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik berýär, ýagny gurjak bilen artist utgaşyp, bir ýerine ýetirijä öwrülýär.

Sahna oýnunyň ilkinji pursadyndan, tä soňky pursadyna çenli jeňňel durmuşy joşýar – gurt güjükleri gyzygyp oýnaýarlar, maýmynlar liana şahalarynda sallançak uçýarlar, kimdir biri özüniň mamladygyny subut etmek üçin garşydaşy bilen söweşýär. Bu dowamly hereket hadysasy Kerim Ataýewiň horeografiýasy arkaly ajaýyp suratda görkezilýär.

Oýunda Maugliniň hindi obasyndan gelen gyz Erika bilen duşuşýan pursady görkezilmeýär. Režissýor Maugliniň ýigit ýetişen döwründe we adamlar bilen duşuşmaga bolan ýakyp-ýandyryp barýan isleginde nokat goýýar. Bu zeýilli çemeleşme netijesinde oýunda jeňňeliň ähmiýeti artdy.

«Maugli» oýny türkmen sahna ussatlarynyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Daşary ýurt drama hepdeliginde goýan ajaýyp eserleriniň biridir.


