Ï Asyrlardan aşyp gelen sungat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Asyrlardan aşyp gelen sungat

view-icon 231
Asyrlardan aşyp gelen sungat

Türkmen halky gadymdan bäri rawylara, ozanlara we şahyrdyr bagşylara uly hormat goýýar. Eýsem-de bolsa, milli saz gurallary bolan dutardyr gyjak ýasaýan zehinli senetçileriň hormaty hem şundan pes däldir.

Daşoguzyň bagşylar muzeýindäki köp sanly gymmatlyklaryň arasynda dutar ýasamak üçin ulanylýan gurallar toplumy-da bar. Olar welaýat çagalar sungat mekdebinde mugallymlyk edýän häzirki zaman tanymal ussatlarynyň biri Atamyrat Hekimow tarapyndan sowgat berlipdir.

Dutaryň jadyly owazy Atamyrady heniz ýaşlyk ýyllarynda özüne çekdi. Bu milli saz guralynyň jadylaýjy owazynyň syrlaryna düşünmek islegi onuň hünär saýlamagyny kesgitledi. 1989-njy ýylda ol Daşoguz welaýatyndaky M. Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebine okuwa girdi we okuw ýyllaryny dutar çalmagy, şeýle hem ony ýasamagy öwrenmäge bagyşlady. Onuň ilkinji halypasy Minewer boldy. Ol zehinli ýigide bu senediň esaslaryny öwretdi. Gyzykly tarapy, Atamyrat saz guralyny ýasamakda öwrenen zatlary bilen kanagatlanmady we Aşgabadyň golaýyndaky Garadamak obasynda ýaşaýan Gara ussa şägirt bolup, öz hünärini ösdürmek kararyna geldi. 1997-nji ýylda bolsa ol halypasyndan ýasan ilkinji dutaryna baha bermegini haýyş etdi. Saz guralynyň owazyna we şägirdiniň zehinine göwni ýeten halypa Atamyrada ak pata berdi. Şondan bäri A. Hekimow dutardyr gyjak ýasap gelýär. Köp bagşy-sazanda hut şonuň elinden çykan saz guralynyň hyrydarydyr.

Indi Atamyradyň özi dutar çalmagy öwrenmek isleýänlere halypa bolup, isleg bildirýänlere ony ýasamagyň syrlaryny öwredýär. Bu ugurda netijeli işi üçin şu ýyl oňa «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly at berildi.

Bagşylary, şol sanda dessançy bagşylary bilen meşhur bolan bu welaýatda halk saz gurallaryny ýasamak sungatynyň aýratynam ýaşlaryň arasynda giňden ýaýrandygyny bellemek gerek. Bu bolsa nesilden-nesle yhlas bilen geçirilýän bu sungatyň ajaýyp geljeginiň we täze ösüş basgançaklarynyň bardygyny aňladýar.