Gonkongda ÝUNESKO-nyň dördünji halkara modeli (MUNESCO) geçirildi. Ol ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň Bütindünýä federasiýasy (WFUCA) hem-de ÝUNESKO-nyň Gonkong assosiasiýasy (UHKA) tarapyndan Hytaý Bankynyň (Gonkong) goldawy bilen ýola goýuldy. Bu çärä 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan-da ýaş ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Bu halkara meýdançada biziň ýurdumyzyň wekili hökmünde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Emir Sopyýew çykyş etdi. ÝUNESKO-nyň «Dermanlyk ösümlikler – biziň saglygymyz we mirasymyz» klubunyň işjeň agzasy hökmünde ol bu halkara bäsleşige «Neýrotehnologiýa edebi» mowzugy boýunça gatnaşdy.

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy: birinji tapgyrda bäsdeşler öz ýurtlarynda geçirilýän işler we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk barada çykyş etdiler, ikinji tapgyrda neýrotehnologiýalary ösdürmek strategiýasy, emeli aňyň dürli pudaklardaky täze mümkinçilikleri barada slaýdly tanyşdyrmalary taýýarladylar we neýrotehnologiýanyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Üçünji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşýanlaryň hödürlän strategiýalary boýunça ses berişlik geçirildi. Emir Sopyýew üstünlikli çykyşy üçin bäsleşige gatnaşanlygy barada şahadatnama aldy.
Şeýle üstünlikleriň ýaş zehinleri ÝUNESKO tarapyndan öňe sürülýän ynsanperwer ideallaryň ruhunda terbiýelemek ulgamynyň netijelidigine şaýatlyk etmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerde ÝUNESKO klublary işleýär, olar medeni mirasy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmäge we medeniýetara gepleşigi ösdürmäge ýardam edýär.

Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Dünýä dilleri» kluby işleýär, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolsa «Parahatçylyk medeniýeti» kluby bar. 2023-nji ýylyň dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümlikler – biziň saglygymyz we mirasymyz» kluby, 2025-nji ýylyň aprelinde bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak ynsanperwerligiň we ösüşiň binýadydyr» atly klub açyldy.
Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki ÝUNESKO-nyň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly kafedrasynyň işini bellemek gerek. Bu kafedra ýaş nesli ýurduň medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek ruhunda terbiýeleýär.
ÝUNESKO-nyň halkara modeli bu guramanyň resmi duşuşyklarynyň görnüşine we tertibine uýýan öňdebaryjy bilim başlangyjydyr. 18 ýaşdan 25 ýaşa çenli ýaşlar üçin niýetlenen bu taslama oňa gatnaşýanlara ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri hökmünde çykyş etmek, dünýä ähmiýetli meseleler boýunça düzümleýin dialoglara we gepleşiklere gatnaşmak mümkinçiligini berýär.