Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda baýramçylyk şowhunlary, konsertler we tomaşalar başlanýar. Ýurdumyzda giňden tanalýan Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr hem saz muşdaklaryny 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda «Watan» kinokonsert merkezinde boljak konsertine çagyrýar.
Konsertde orkestriň muşdaklary üçin dünýäniň meşhur daşary ýurt çeper filmlerinden sazlar ýaňlanar.
Baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyna ýaş kompozitor we pianinoçy Gulgeldi Gatyýew, şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow we Aýna Baýramgeldiýewa gatnaşarlar.
Konsertde Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk eder, dabarany bolsa Röwşen Nepesowyň özi alyp barar.
Biletleri öňünden sargyt etmek isleýänler şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: +99361235234.