S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba senagatynyň ekologiýasy fakultetiniň tokaý we seýilgäh hojalygy kafedrasynyň mugallymy Gülälek Allagulyýewa Moskwada geçirilen agrobiotehnologiýalar boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşdy.
Sokolowskiý ylym we tehnologiýalar instituty A.M.Gorçakow adyndaky köpçülikleýin diplomatiýany goldamagyň Gaznasy bilen bilelikde çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Agrobiotehnologiýalar boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan degişli hünärmenler, ýokary okuw mekdebiň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna çagyryldy.
Okuw obasenagat toplumyny ösdürmekde agrobiotehnologiýalaryň eýeleýän ornuny hem-de biotehnologiýalaryň çuňňur öwrenilişini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar oba hojalygyny alyp barmagyň innowasion usullaryny öňe ilerletmek we ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ulgamynyň durnuklylygyny gazanmaga döwrebap çemeleşmelere garadylar we ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdeplerde häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, ýaş oba hojalykçylary taýýarlamagyň hem-de ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Degişli hünärmenleriň gatnaşmagyndaky çäre hünär başarnyklaryny ösdürmek, hünär derejeleri ýokarlandyrmak, obasenagat toplumynda ylmy taslamalary we ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda gymmatly tejribe hem-de täze pikirleri alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Şeýle çärelere türkmen wekilleriniň gatnaşmagy köp babatda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem degişli döwlet maksatnamalary, agzalýan ugur babatda alnanda «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.