Ï Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy

view-icon 2048
Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gobelençi suratkeş Kakamyrat Baýlyýewiň we onuň döredijilik ýoluny dowam etdirýän gyzy Altynjemal Baýlyýewanyň bilelikdäki sergisi açyldy.

Türkmen gobelen mekdebini esaslandyryjylaryň biri bolan K.Baýlyýewiň 75 ýyllygyna bagyşlanan bu sergide kakasynyň we gyzynyň ajaýyp eserleri görkezilýär. Özboluşly görnüşini, şahsy ýerine ýetiriş usulyny we täzeçillik ugruny özünde jemleýän bu eserler türkmen gobelen sungatynyň altyn gaznasyna mynasyp goşuldy.

K.Baýlyýewiň eserlerini özboluşlylyk, kompozisiýa erkinligi, açyk reňkler hem-de dünýäniň, tebigatyň we milli häsiýetiň çuňňur manysy tapawutlandyrýar. Serginiň çäklerinde «Çopanyň aýdymy», «Oýanyş», «Küýzegär» we beýleki köp sanly eserleri görüp bolýar.

Serginiň açylmagy ussady ýatlama gününe öwrüldi. Muzeýe onuň ýakyn dostlary, irki ýyllarda bile işleşen kärdeşleri, suratkeşiň döredijiliginiň muşdaklary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň köp sanly talyplary geldiler.

Bilime bolan höwes, tutanýerlilik, dyngysyz gözleg we iň ýönekeý zatlarda «täsinligi» görüp bilmek ukyby K.Baýlyýewi adaty bolmadyk çözgütleri tapyp bilýän ussat hökmünde kemala getirdi. Edil şu ussat bilen birlikde türkmen haly dokamak sungatyna mahsus bolan we şol bir wagtyň özünde Ýewropa medeniýeti bilen sazlaşýan gobeleniň häzirki zaman görnüşi döräp başlady.