Berkarar Diýarymyzyň şanyny bir gez arşa göteren, bagtyýar halkymyza toý-baýramlaryň, şanly seneleriň onlarçasyny, şol sanda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny bagyş eden 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp barýar.
Öňümizde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli, dostana syýasatynyň mähriban halkymyza serpaýy – döwletli-döwrana, rysgal-berekete beslenip gelýän Täze – 2026-njy ýyl.
Diýarymyza ýagşy umytlara beslenip gelýän Täze ýyl çagalaryň kalby ýaly tämiz. Hut şu meňzeşlik üçin bolsa gerek, ululara seredeniňde bu şowhunly baýrama, onuň arzyly myhmanlary Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşýanam, baýramçylykda tüýs ýürekden begenýänem çagalar. Şol sebäpli bu şowhunly baýramçylykda bagtyýar çagalaryň näzik ynamyny ödemek hemmeler üçin mertebä hem-de borja öwrülýär. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň şadyýan çaga dünýäsine aralaşmagy, olaryň ruhy dünýäsiniň tutuş ýylyň goýnuna uzalyp gidýän galkynyşydyr. Şu maksat bilen hem ýurdumyzda bagtyýar çagalary şadyýan dünýäsine dolap alýan şowhunly Täze ýyl çäreleriniň uly toplumy geçirilýär.
Bu ugurda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň ertekileri, şadyýan aýdymlary özünde jemleýän şowhunly çykyşlaryny aýratyn bellemek bolar. Teatryň Täze ýyl baýramyna bagyşlap, Berdi Kerbabaýewiň «Jonnuk batyr» eseri esasynda çagalar üçin taýýarlan «Tokaýdaky Täze ýyl» atly sahna oýny hem körpeler üçin mynasyp baýramçylyk sowgadydyr. «Jonnuk batyr» eserini sahna diline ýaş, zehinli režissýor Suraý Rahmanowa geçiripdir hem-de sahnalaşdyrypdyr. Bu sahna oýnunyň S.Rahmanowanyň režissýor hökmünde goýan 2-nji sahna eseridigine garamazdan, onuň şowly çykandygyny belläp geçmek bolar.
Sahna oýnundaky wakalar tokaýda dürli haýwanlaryň gatnaşmaklarynda bolup geçýär. Erteki-sahna oýnunyň baş gahrymanlarynyň biri Jonnuk batyryň aty tokaýda aýa duşýar. Aýynyň ony münmegi, çapdyrmagy aty halys ysgyndan düşürýär. At gorkujygyna horlugynyň sebäplerini Jonnuk batyra aýdyp bilmeýär. Bu ýerde Jonnuk batyryň, onuň aty Tulparyň hem-de aýynyň keşplerini döreden Çary Eýeberenowyň, Kakajan Taýlyýewiň we Bagtyýar Dolyýewiň zähmetleriniň ýerine düşendigini belläp geçmek bolar. Sahnada bolup geçýän wakalara kem-kemden towşanjyk, tilkijik, möjek, doňuz goşulýar. Olaryň arasyndaky gapma-garşylyk barha ösýär. Soňunda haýwanlaryň arasyndaky gatnaşyklara Jonnuk batyr goşulýar. Onuň hilesi we akyly bilen tokaý haýwanlarynyň bary bir ýüpe baglanýar. Jonnuk batyr bolsa, bu haýwanlaryň her-haýsyna tüýsüne görä agzybirlik, dostluk, zähmetsöýerlik hakynda maslahat berip, olaryň baryny boşadýar.
Erteki-sahna oýnunda doňzuň keşbini döreden Gülälek Şaýmerdanowanyň, möjegiň keşbini emele getiren Bagsere Röwşenowanyň, towşanjyga we tilkijige öýkünen Akmaýa Halymowanyň we Gülbahar Gurbangulyýewanyň yhlaslarynyň ýerine düşendigini ilkinji görkezilişe gatnaşan halypa sungat işgärleri belläp geçdiler. Sahnada wakalaryň joşgunly sazlar bilen utgaşmagy, Aýazbabanyň (Akmyrat Jumageldiýew) we Garpamygyň (Şerapat Kerimowa) wakalara goşulmagy, tamamlanan ýylyň we Täze ýylyň nyşanlary ýylanyň (Bossan Ýazjumaýewa) hem-de bedew atyň Täze ýylyň açaryny alyşmaklary çagalar üçin has täsirli we şowhunly pursatlardyr. Täze sahna eseriniň ynandyryjy çykmagy üçin teatryň suratkeşi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Haýtyýewiň, saz bezegini ýerine ýetiren Ruslan Hemraýewiň hem uly tagalla edendikleri görünýär.
Teatryň döredijilik toparynyň sahnada bir bitewi eseri döredip bilendiklerini, sahna ussatlarynyň haýwanlaryň çaga kalbynda galyp biljek keşplerine girmekligi başarandyklaryny aýtmak bolar. Täze sahna eseriniň teatryň çagalara mynasyp Täze ýyl sowgadydygyny belläp, şeýle sahna oýunlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.