Ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary «Binagärlikde we dizaýnde AI (emeli aň) tehnologiýalarynyň orny hem-de olaryň taslama işlerinde ulanylyşy» diýen tema boýunça okuw-usulyýet çäresine gatnaşdylar. Ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan geçirildi.
Okuw-usulyýet sapagy ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda binagärlik-gurluşyk fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň tejribeli mugallymlary Äşe Gubaýewanyň we Şirmuhammet Jepbarowyň ýolbaşçylygynda guraldy.
Sapagyň esasy maksady binagärlikde we dizaýnde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň häzirki zaman taslama işlerinde emeli aňyň eýeleýän ornuna hem-de döredijilik we inženerçilik mümkinçiligini ýokarlandyrmakda onuň ähmiýetine çuňňur düşünjesiniň kemala gelmegini gazanmakdan ybarat boldy.

Okuw-usulyýet sapagynyň dowamynda anyk mysallaryň üsti bilen binagärlik taslamalary, içki we daşky bezeg şekilleri döredilende, şäher gurşawyny sanly usulda modelirlemekde hem-de gurluşyk çözgütlerini işjeňleşdirmekde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçiliklerine giňişleýin garaldy.
Çärä gatnaşyjylara dünýä binagärliginde giňden ulanylýan sanly taslama platformalary, generatiw dizaýn hem-de 3D-modelirleme barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Duşuşygyň çäklerinde emeli aňyň binagärligiň we gurluşyk senagatynyň innowasion kuwwatyny ösdürmäge täsiri, gurluşykda milli binagärlik däpleriniň häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem bäsdeşlige ukyply täze derejeli geljekki hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýaly temalar boýunça işjeň maslahatlaşmalar geçirildi.
Okuw sapagynyň jemleýji böleginde hünärmenleriň pikirleri, teswirlemeleri hem-de netijeli teklipleri diňlenildi. Okuwlaryň netijeli bolanlygy hem-de şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, çäre ýokary derejede geçirildi hem-de ylmy-pedagogiki jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredip, häzirki zaman ylmynda we biliminde emeli aň tehnologiýalarynyň barha artýan ornuny ýüze çykardy.