Türkmen Oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara foruma 14 döwletden, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gruziýadan, Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy merkezleriň 88-siniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisini Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen açdy.
Umumy mejlisiň dowamynda daşary ýurtly gatnaşyjylar sanly wideoaragatnaşyk arkaly oba hojalyk ulgamyny durnukly ösdürmekde biotehnologiýalaryň eýeleýän ornuna bagyşlanylan mazmunly çykyş etdiler.
Soňra halkara maslahat öz işini «Genetika we agrobiotehnologiýada innowasiýalar», «Biogorlar, bioremediasiýa we durnuklylyk» hem-de «Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri ösdürmek» diýen ugurlar boýunça bölümçelerde dowam etdi.
Maslahatyň dowamynda çykyşlaryň jemi 260-sy diňlenildi. Has tapawutlanan çykyşlara aýratyn üns berlip bellenilmek bilen, olar forumyň jemleýji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda obasenagat toplumynda gazanylan üstünlikleriň we ylmy-barlag taslamalarynyň sergisi myhmanlaryň dykgatyna hödürlenildi.
Çäräniň jemlerini jemläp, oňa gatnaşyjylar geçirilen maslahatyň netijeli bolandygyny we ähmiýetini nygtadylar hem-de şeýle halkara duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny, köp babatda ýokary okuw mekdepleriň arasynda ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler.