Ï Türkmenistanyň talyplary Astanada halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň talyplary Astanada halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular

view-icon 2184
Türkmenistanyň talyplary Astanada halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýaş innowatorlaryň arasynda geçirilen abraýly halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kompýuter tehnologiýalary ugry boýunça okaýan dördünji ýyl talyp Rowaç Annaseýidow bäsleşikleriň ikisinde ajaýyp netijeleri görkezdi. «GDA-nyň iň oňat talyby» atly halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça eminler GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatyny ösdürmekde türkmen talybynyň goşandyna ýokary baha berdiler. «XXI asyryň lideri» bäsleşiginde talybyň ajaýyp öňbaşçylyk häsiýetlerine, şeýle hem onuň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna mynasyp baha berildi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Ykdysadyýet we hukuk» hünäriniň ikinji ýyl talyby Sanjar Hazratkulow hem «GDA-nyň iň oňat talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Eminler tarapyndan GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ylym, sungat we döredijilik ulgamynda talybyň gazananlary we hyzmatlary bellenildi.

Türkmenistanyň ýaş öňdebaryjylary – Rowaç we Sanjar birinji derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan hem-de kubok bilen sylaglandylar.

Mundan başga-da, bäsleşiklerde ýeňiş gazanan talyplaryň üstünlikleri «GDA-nyň iň oňat talyby» atly halkara kitap ýygyndysyna giriziler.

Geçirilen halkara bäsleşiklere, däp boýunça, GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp, ylym, döredijilik, sungat we jemgyýetçilik başlangyçlary ulgamynda öz ukyplaryny, gazanan üstünliklerini hem-de alyp barýan işlerini görkezdiler.

Gazagystan Respublikasynyň «Bilim Orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi halkara bäsleşikleriň guramaçylary bolup çykyş etdiler.