Iň garaşylýan gyş baýramynyň öňüsyrasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti boldy.

Täze ýyl ertekisi myhmanlary eýýäm teatryň eýwanynda garşylady. Özboluşly bezelen giňişlik – ýyly kamin, bezelen arçalar we gar tozgalary ýetip gelýän baýramçylyk duýgusyny döretdi.
Konsert başlamazyndan ozal, dirižýor tomaşaçylary gutlap, Täze ýyly ruhubelentlikde we çagalygymyzdan bäri söýüp diňleýän aýdymlarymyz bilen garşylamagynyň has ýakymlydygyny belledi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, zehinli ýerine ýetirijiler Bahar Durdyýewa we Arslan Aganyýazow Täze ýyl hem-de Roždestwo aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylara unudylmaz sazly pursady peşgeş berdiler. Çagalar we ulular horlarynyň çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Saksofonçy Şirhan Batyrowyň meşhur saz kompozisiýalaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bolsa tomaşaçylaryň uly höwesini döretdi.
Maksatnamada «Last Christmas», «Happy New Year», «Jingle Bells» ýaly köpçüligiň söýgüli heňleri ýaňlandy. Şeýle-de «Три белых коня» («Üç sany ak at»), «Кабы не было зимы» («Eger gyş bolmadyk bolsa») we «Звенит январская вьюга» («Ýanwar aýynyň syrgyny ses edýär») ýaly aýdymlar şatlyk-şowhuny has-da artdyrdy. «Опять метель» («Ýene-de boran») kompozisiýasy bolsa agşama ümsümligiň öwüşginini goşalandyrdy. «Иван Васильевич меняет профессию» («Iwan Wasilýewiç kärini çalyşýar») filminden «Разговор со счастьем» («Bagt bilen gürrüň») aýdymy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Agşamyň iň tolgundyryjy pursady «Карнавальная ночь» («Karnawal gijesi») kinofilmindäki «Пять минут» («Bäş minut») aýdymy boldy.
Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen konsert örän şowly boldy. Tomaşaçylar artistlere hoşallyk bildirip, dowamly el çarpyşmalar bilen sylagladylar. Toparyň köp sanly janköýerleri üçin şeýle mähirli agşamlar eýýäm asylly däbe öwrüldi.