Ï 2026-njy ýylyň şygary we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli breýn-ring bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň şygary we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli breýn-ring bäsleşigi geçiriler

view-icon 161
2026-njy ýylyň şygary we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli breýn-ring bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanylan talyplaryň arasynda breýn-ring bäsleşigini geçirer.

Intellektual bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 16-njy fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçiriler.

Breýn-ring bäsleşigi zehinli, giňden pikirlenip bilýän we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, döwletiň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň manysyna, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyna düşünilmegini çuňlaşdyrmak, talyp ýaşlaryň arasynda Bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle hem olaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açmak maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşikde her ýokary okuw mekdepden talyplaryň altysyndan düzülen toparlar çykyş ederler. «Akyllaryň hüjümi» ençeme tapgyrlary özünde jemleýär hem-de däp boýunça sowal-jogap görnüşinde geçiriler. Gatnaşyjylara umumy häsiýetli gyzykly sowallar, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty temasyna degişli taýýarlanylan logika boýunça sowallar berler.

Jogaby dogry bermek bilen birlikde, garşydaş topardan tiz jogap bermek möhüm bolan bäsleşik meýdançasynda bilimlere we ukyplara, esasan-da, oňa gatnaşyjylaryň işjeňligine hem-de çalt jogap beriş tizliklerine baha berler.

Bäsleşigiň netijeleri eminleriň beren bahalary we gelen çözgütleri esasynda jemleniler. Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň arasynda baş baýrak, I, II we III baýrakly orunlar bolar.

Ýeňijiler Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň degişli derejeli diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 18-nji fewralda geçiriljek halkara maslahata we baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hukuk alarlar.

Bäsleşik baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Guramaçylar çäräniň geçirilmeginiň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, syýasat we diplomatiýa ulgamynda talyplaryň bilimleriniň çuňlaşmagyna we giňemegine, olaryň döwletiň parahatçylygy, agzybirligi we jebisligi, ählumumy howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy bolan oňyn Bitaraplygyň ähmiýetine we eýeleýän ornuna düşünmeklerine ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.