Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi.
Gatnaşyjylary we toparlaryň ýolbaşçylaryny hasaba almak 15-nji ýanwardan 1-nji aprele çenli dowam eder.
Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň mekdep okuwçylary hem-de mekdepleriň uçurymlary çagyrylýar. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Bäsleşikler şahsy bäsleşik görnüşde bir tapgyrda çylşyrymlylygy boýunça iki derejede (A we B) geçiriler.
A derejesi 20 ýaşa çenli bolan gatnaşyjylar – mekdep okuwçylar we olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar üçin niýetlenendir. B derejesi bolsa ýaşy 15,5-den uly bolmadyk orta mekdepleriň okuwçylaryny birleşdirer. Her ýurtdan gatnaşýanlaryň sanyna her iki kategoriýa boýunça hem çäklendirme goýulmaýar.
Myhmanlary kabul edýän tarap gatnaşyjylaryň we topar ýolbaşçylarynyň olimpiada geçýän döwründäki ähli çykdajylaryny, şol sanda ýaşajak ýerini, iýmitini, ýurduň içindäki ulag hyzmatlaryny we medeni-gezelenç maksatnamasyny öz üstüne alýar.
Gatnaşmak we hasaba almak meseleleri boýunça guramaçylyk toparyna şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 448409, +993 12 398550, +993 65 809906 ýa-da turkmenmatholymp@gmail.com elektron poçtasyna ýüzlenip bilersiňiz.
III halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň zehinini we ukyplaryny ýüze çykarmak hem-de ösdürmek, giň gözýetimli, aň taýdan ösen ýaşlary terbiýelemek, dostluk gatnaşyklary we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň ylyma we döredijilige bolan işjeň höwesini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.