2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen we türk suratkeşleriniň çeken suratlarynyň, ýasan keramika we heýkelleriniň sergisi açyldy.

Muzeýimiziň ammarlarynda 2015-nji ýylda Türkmenistanda ahalteke atyny şekillendirmegi-de öz içine alan döredijilik çäresine gatnaşan türk suratkeşleriniň bir toparynyň ozal sowgat beren suratlary saklanýar. Hatda, sergä gelenleriň tejribesiz garaýşyna-da türkmen we türk suratkeşleriniň işi ýerine ýetiriş usulyndaky käbir tapawutlar aýdyň görünýärdi. Biziň suratkeşlerimiz ahalteke bedewiniň keşbinde onuň gözelligini, hamraklygyny, çydamlylygyny, söweşjeň we çalasyn häsiýetlerini nygtamaga çalşan bolsalar, olaryň türk kärdeşleri ahalteke bedewinde duş gelýän aýdyň we ynanyp bolmajak ajaýyp hadysa uly baha berýärler.

Ussatlarymyzyň işleri – Mämmet Mämmedowyň «Toý», Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde», Wladimir Maskewiçiň «Iki dost» we beýlekiler – türk suratlaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Bu ýerde başga bir ýol, ýagny ahalteke bedewiniň özüne çekiji daşky gözelligini beýan etmegiň has anyk usuly görünýär.

Ahalteke bedewine bagyşlanan türkmen-türk sergisini geçirmek pikiri muzeýiň ylmy-barlag bölüminiň işgäri Nepesgeldi Löllekowa degişli. Serginiň guramaçysy hökmünde ondaky suratlaryň üstüni keramika we heýkeller, şol sanda Gülara Babaýewanyň «Galkynyş» atly iki güldany, Meretdurdy Öwezowyň «Çapyksuwar», Juma Jumadurdynyň «Ylham» we Ynanç Ýazmämmedowyň «Ahalteke bedewi» heýkelleri bilen ýetirdi.