Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär

view-icon 573
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmaklarynda okuw maslahatyna badalga berildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda okuw işine okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, professor-mugallymlar düzüminiň halkara hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we talyplaryň ukyp-başarnyklarynyň ösdürilmegine, şeýle hem tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýär.

Okuw maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli halkara güwänamalar gowşurylar.

16-njy ýanwara çenli dowam etjek çäre Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Galla-Wittenbergdäki Martin Lýuter adyndaky uniwersitetiň hem-de Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.

Türkmen we nemes ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň başyny başlan bu resminamalara 2025-nji ýylyň sentýabrynda gol çekildi. Ähmiýetli waka Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasynyň dabaraly açylmagyna bagyşlandy.

Şol günler Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda möhüm çäreleriň hatarynda nemes hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda häzirki okuw maslahatyna meňzeş «Durnukly energetika ulgamlary: gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylmagy» atly ilkinji okuw maslahaty geçirildi. Ol türkmen ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we özleşdirmek, ylmy barlaglaryň hilini ýokarlandyrmak üçin netijeli meýdança boldy.

Türkmen we nemes uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy gaýtadan dikeldilýän we durnukly energetika babatda, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ylmy kuwwatyň pugtalandyrylmagyna, senagatyň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegine, önümçilige «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de energiýa netijeliliginiň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn çäreler Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň «ýaşyl» ösüşi üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler» taslamasynyň goldamagynda geçirilýär.