Ï Britan uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iňlis dili boýunça okuwlar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Britan uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iňlis dili boýunça okuwlar geçirildi

view-icon 100
Britan uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iňlis dili boýunça okuwlar geçirildi

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri – ylym-bilim alyşmalar boýunça prorektoryň orunbasary Endrýu Linn hem-de ylmy işgär, filosofiýa ylymlarynyň doktory Anastasiýa Bezborodowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde boldular.

Britan uniwersitetiniň bilermenleri iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwredilişini çaltlandyrmak» (AELLCA) atly maksatnamasy boýunça okuw geçdiler. Maksatnama talyplaryň dil taýýarlygyny kämilleşdirmäge hem-de Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Okuwlarda Beýik Britaniýanyň hünärmenleri Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullary we aýratynlyklary, şeýle hem ony tizleşdirilen görnüşde öwrenmegiň netijeli çemeleşmeleri barada gürrüň berdiler. Şunda mugallymlaryň hünär derejeleriniň hem-de talyplaryň dil başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi baradaky wezipä aýratyn üns berildi. Çäräniň ahyrynda daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini öwrenmäge hem-de okatmaga, şeýle hem mugallymlaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge degişli sowal-jogaplar alşyldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolmaklarynyň dowamynda Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetinden gelen myhmanlar ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Taraplar ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara hereket etmegiň geljekki meýilnamalaryny giňişleýin maslahatlaşdylar.

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekiliýeti AELLCA maksatnamasynyň çäklerinde okuwlary we duşuşyklary geçirmek maksady bilen Türkmenistanda nobatdaky iş saparynda bolýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen maksatnama boýunça hyzmatdaşlyk işjeň depginler bilen alnyp barylýar.

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň esasy hyzmatdaşlarynyň biri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetidir. Bu ýerde hem şu günler Britan bilermenleriniň ýolbaşçylygynda hünär ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleri geçdi.