Ï Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň her ýyl geçirilýän bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň her ýyl geçirilýän bäsleşigi yglan edildi

view-icon 605
Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň her ýyl geçirilýän bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň her ýyl geçirilýän bäsleşigini yglan etdiler.

Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolup durýan 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler. Olaryň hatarynda TYA-nyň ylmy edaralarynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, magistrantlar, aspiranturanyň we doktoranturanyň diňleýjileri, orta we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ylmy işlere aýratyn gyzyklanma bildirýän dürli hünärleriň eýeleri bolan ýaş türkmenistanlylar bolup biler.

Bäsleşige, esasan, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasiýa ykdysadyýeti, ynsanperwer ylymlary boýunça işler kabul edilýär.

Bäsleşige hödürleniljek ylmy işlere ýörite döredilen bilermenler topary tarapyndan serediler. Ol topar ylmyň we tehnikanyň degişli ugurlary boýunça alymlardan we hünärmenlerden ybarat bolar. Awtorlyk işlere temanyň wajyplygy we mazmuny, anyk iş ýüzünde ulanylmagy, maksadynyň aýdyňlygy, ylmy täzeçilligi, ylmy barlag serişdeleri we usulyýeti, ylmy netijeleriň tassyklanylmagy ýaly ugurlar boýunça baha berler.

Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler. Ylmy gözden geçirilişiň netijeleri, däp boýunça, ýurdumyzda her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününde yglan ediler. Ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaş alymlar şu ýylyň 15-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine ylmy işlerini hödürlemelidirler. Işler Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly köçesiniň 104-nji jaýy.

Bäsleşigiň geçirilişi, ylmy işleriň resmileşdirilişi, gatnaşmak üçin haýyşnamalary we resminamalary bermegiň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtynda bäsleşikler bölüminde, şeýle hem 44-88-55 telefon belgi boýunça elýeterlidir.

2015-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilen döwlet gözden geçirilişi Watanymyzyň ylmyny ösdürmäge, alymlaryň ýaş neslini kemala getirmäge, möhüm, ähmiýetli hem-de has isleg bildirilýän ulgamlarda olaryň ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan zehinli ýaşlaryň ylmy işler taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypaçylyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, innowasion tehnologiýalara erk edýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly netijeleri gazanmak maksady bilen her ýyl geçirilýär. 

Anastasiýa Kasýanowa