12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynyň öňdebaryjy mugallymlaryny – terbiýeçilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň mugallymlarynyň asylly, ýadawsyz zähmetiniň ähmiýetini we üstünliklere beslenýändigini görkezmäge gönükdirilen çäre dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň tapawutlanan mugallymlarynyň uly topary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.
Dabaranyň dowamynda türkmen mugallymlarynyň milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine, ýaşlary hemmetaraplaýyn sazlaşykly terbiýelemäge, bilimiň ähli derejelerinde onuň hilini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandyklary bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, biziň mugallymlarymyzyň hünär taýdan ussatlygy we yhlasly zähmeti ylym we bilim işlerini ýokary derejede alyp barmak hem-de netijeli guramak, zehinli ýaş nesilleri, öz ýurdunyň mynasyp raýatlaryny kemala getirmek üçin pugta esas bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň sazlaşykly ösmegini dowam edip, ählumumy bilim giňişliginde mynasyp orun eýeleýändigi buýsanç bilen bellenildi. Türkmen mekdep okuwçylary hem-de talyplary halkara ylmy bäsleşiklere we ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşýarlar we öňdäki orunlary eýeleýärler. Ýaşlaryň üstünlikleri ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini yzygiderli tassyklaýar.
Milli bilim ulgamynyň tapawutlanan mugallymlaryny sylaglamak dabarasy ýurduň döredijilik toparlarynyň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.