2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) 2026-njy ýyl – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy—parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Bu çärä konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda okaýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişleri barada çykyş etdiler.
Şeýle-hem, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýändigini, bu eseriň ýaş nesiller, şol sanda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem ylmy-edebi gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar.