Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda VI Açyk halkara matematika olimpiadasyna (Open Mathematical Olympiad for University Students «OMOUS-2026») gatnaşjaklary jemleýär.
Olimpiada türkmen paýtagtynda 23 – 28-nji mart aralygynda göni gatnaşmaklyk arkaly geçirilýär. Gatnaşjaklary hem-de olaryň toparlarynyň ýolbaşçylaryny hasaba almak 10-njy marta çenli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň saýtynda açykdyr.
Uniwersitet olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň gyzyklanýan talyplarynyň ählisini çagyrýar. Her ýokary okuw mekdepden gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär. Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen we iňlis dilleri.
Halkara matematika olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşikleri özünde jemleýär.
Şahsy bäsleşikler «A» we «B» tapgyrlarda geçirilýär. «A» tapgyrda matematika hem-de kompýuter ylymlary hünärleriniň talyplary, «B» tapgyrda inženerçilik işi, tehnologiýa, ykdysadyýet we dolandyryş hünärleriň talyplary gatnaşyp bilerler.
Toparlaýyn bäsleşiklerde hünärlerine garamazdan talyplaryň toparlary (hersinde 4-den köp bolmadyk) gatnaşarlar. Bir toparyň düzüminde bir ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdeplere wekilçilik edýän taýýarlygyň bakalawr, hünärmen ugurlarynyň talyplary, magistraturanyň diňleýjileri çykyş edip bilerler.
Goşmaça maglumatlary +99312 398550, +99365809906 telefon belgiler hem-de iuhdolympiads@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyndan alyp bolar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän Açyk matematika olimpiadasy talyplaryň ders boýunça taýýarlyk derejesine baha bermäge, has ukyply we zehinli gatnaşyjylary ýüze çykarmaga, ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge höwesini artdyrmaga hem-de ylmy barlaglary geçirmäge, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmäge we dürli ýurtlaryň talyp ýaşlarynyň wekilleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.
Olimpiadanyň baş wezipesi ylmy we tejribe bilimleri umumy ösüşiň, rowaçlygyň hem-de özara düşünişmegiň öňe itergi beriji güýji bolup hyzmat edýän amatly gurşawy döretmek üçin dünýäniň uniwersitetleriniň talyplaryny we mugallymlaryny birleşdirmekden ybaratdyr.