Ï Talyplar materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplar materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 434
Talyplar materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 18-nji martda geçiriler. Oňa gatnaşjaklary bellige almak 15-nji marta çenli amala aşyrylýar. Gatnaşmaga haýyşnama bermek üçin bellige alyş namasyny dolduryp, tdbgiobolymp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Bellige alynyş namasynyň nusgasy institutyň saýtynda ýükläp almak üçin elýeterlidir, şol saýtda olimpiadanyň gün tertibi, oňa taýýarlanmak üçin ýumuşlar hem-de gatnaşjaklara degişli peýdaly beýleki maglumatlar bilen hem tanşyp bolar.

Olimpiada ýokary okuw mekdeplerde talyplaryň taýýarlyk ugurlaryna we hünärlerine garamazdan olaryň ders bilen gyzyklanyp isleg bildirýänleriniň ählisi üçin açykdyr. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşjaklar üçin 6 ýumuş taýýarlanylyp, olary çözmäge 120 minut wagt berilýär. Bäsleşik türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Bäsleşigiň eminleriniň düzümine türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girerler. Internet-olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri toplan utuklarynyň jemi boýunça kesgitleniler hem-de I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Olimpiada Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň özara gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, ýaşlaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek we goldamak, zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň intellektual taýdan ösmekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 28-18-05, +99365 68-86-50, +99365 15-18-99, +99361 88-82-61, +99365 81-44-82, +99365 56-07-12.