Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bu ýokary okuw mekdep tarapyndan diller boýunça geçirilýän olimpiadalara gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär.
Olimpiadalara gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylaryň ählisi – Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilýärler. Olar üçin mart – maý aralygyndaky döwürde institut türkmen, iňlis, fransuz, rus we nemes dilleri boýunça gezekli-gezegine olimpiadalaryň bäşisini geçirer.
Hususan-da, 14-nji martda türkmen dili boýunça II olimpiada, 28-nji martda – iňlis dili boýunça IV olimpiada, 4-nji aprelde – fransuz dili boýunça III olimpiada, 2-nji maýda – rus dili boýunça IV olimpiada we 16-njy maýda – nemes dili boýunça III olimpiada geçiriler.
Bäş olimpiadanyň her biri iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar düzme ýazmak boýunça bäsleşerler, ikinji tapgyr test görnüşinde geçiriler. Ilkinji tapgyrlar uzak aralykdan geçiriler, ikinji tapgyrlar ýokary okuw mekdebine baryp gatnaşmak arkaly Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda geçiriler.
Olimpiadalaryň ýeňijileri iki tapgyrda toplanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler hem-de institutyň diplomlary we sowgatlary bilen sylaglanarlar. Guramaçylar bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelän okuwçylaryň ýolbaşçy-mugallymlaryna Hormat hatlary gowşurarlar.
Her olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň düzümine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de institutyň hyzmatdaşlary bolup durýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we professorlary girýärler.
Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ýokary synp okuwçylar üçin bellige alynmagyň düzgünleri hem-de olimpiadalaryň hersiniň geçirilişi baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan daşary ýurt dilleri boýunça olimpiadalaryň tapgyrlary her ýyl daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek babatda orta mekdepler bilen özara gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek, okuwçylaryň olary öwrenmäge bolan höweslerini artdyrmak hem-de dilçi mugallymlaryň hünär başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen geçirilýär.