Ï Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Kembrije okuw saparlary dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Kembrije okuw saparlary dowam edýär

view-icon 114
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Kembrije okuw saparlary dowam edýär

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümleri üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmak maksady bilen 25 – 31-nji ýanwar aralygynda Kembrije guralan sapary dowam edýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri girýärler.

Maksatnamanyň çäklerinde diňleýjiler üçin okuw sapaklary we maslahatlary hem-de möhüm ugurlarda tejribe alyşmak boýunça çäreler geçirilýär.

Diňleýjiler öňdebaryjy bolmaga we PRESETT ulgamynda strategik meýilnamalaşdyrmaga döwrebap çemeleşmeleri, mugallymlaryň hünär taýdan ösüşi babatda guramaçylyk-dolandyryjylyk tejribesini hem-de yzygiderli hünär okuwlarynyň (CPD) nusgalaryny öwrenýärler.

Çärä gatnaşyjylar iňlis dilini okatmagyň aragatnaşyk we dili öwrenmegi maksat edýäne aýratyn niýetlenilen usullary ulanmak, şeýle hem okuw işine sanly bilim platformalaryny, interaktiw usulyýetleri we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşýarlar.

Okuw maksatnamalarynyň düzülişine, mazmunyna hem-de netijeliligine baha bermek we olary seljermek usullaryna garamaga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem okuwlaryň diňleýjileri sapagyň gurluşyny, okatmagyň usulyny seljermek, okuw serişdelerini peýdalanmak hem-de bilimde netijeleri gazanmak maksady bilen okuw sapaklaryna syn etmek arkaly anyk iş tejribesine eýe bolýarlar.

Maksatnamanyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar dil okuw maksatnamalarynyň gurluşlaryny CEFR-iň («The Common European Framework of Reference for Languages» – Daşary ýurt dillerine erk etmek derejesiniň umumyýewropa ulgamy) çemeleşmeleriniň esasynda häzirki zaman mugallymçylyk ýörelgeleri bilen sazlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem dile erk edip bilişiň dört sany esasy başarnyklarynyň: labyzly okamak arkaly sesi ýazgy etmegiň, okaýyşyň, sözleýişiň we hat ýazmagyň ösdürilişini ulgamlaýyn ölçemegiň we baha bermegiň gurallarynyň kämilleşdirilişini bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar.

Bilim maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zamanyň mugallymçylyk çemeleşmeleriniň özleşdirilmegine, okuw maksatnamalarynyň täzelenilmegine, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagyň öňdebaryjy usulyýetlerini öwrenmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy geçirilýär.

Okuwlar halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de olary Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň milli bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýär.