Ï Türkmenistan we Katar ylym, bilim we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Katar ylym, bilim we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitdiler

view-icon 120
Türkmenistan we Katar ylym, bilim we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitdiler

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Kataryň Atçylyk sporty federasiýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdylar.

Resminama gol çekmek dabarasy Akademiýanyň rektorynyň hem-de wekiliýetiniň Katara bolan iş saparynyň barşynda geçirildi. Sapar 29 – 31-nji ýanwar aralygynda dostlukly ýurduň Atçylyk sporty federasiýasynyň çakylygy boýunça guraldy.

Ähmiýetli ikitaraplaýyn çäre Kataryň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Bader Mohammed Al-Darwişiň, Kataryň Emiriniň «Al Shaqab» atçylyk sporty toplumynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Halid Abdulla Al-Hatminiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Hojamuhammedowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ähtnama gol çekilmegi özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygyny ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna çykarmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy. Resminama ylym, bilim, innowasiýalar we atçylyk sporty ulgamynda gatnaşyklaryň hukuk binýadyny, şeýle hem iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrdy.

Ähtnama tejribe alyşmak, atçylyk pudagy üçin döwrebap işgärleri taýýarlamak, atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar hem-de Türkmenistan bilen Kataryň arasynda netijeli gatnaşyklara we dostlukly aragatnaşygyň berkidilmegine itergi berer.