Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri 29-njy ýanwar – 2-nji fewral aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen «Dünýä ýaşlarynyň STEM oýlap tapyşlary we innowasiýalary – 2026» (World Youth Stem Invention Innovation (WYSII – 2026) atly taslamalar bäsleşiginde abraýly baýraklara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Patma Igdirowa «INTERACT – 2026» atly okatmagyň, ylmy barlaglaryň, dolandyryşyň, liderligiň we döredijilikli özgertmeleriň halkara maslahatyna gatnaşyp, selmelek (mandragora) ösümliginden bioişjeň maddalary bölüp almagyň usullary boýunça ylmy barlaglary hakynda üstünlikli çykyş etdi. Awtoryň dermanlyk ösümligiň düzüminde bolan maddalaryň metabolizmini öwrenmekdäki täze çemeleşmelerine halkara bilermenler tarapyndan ýokary baha berildi. Netijede, türkmenistanly alym iki sany ýokary baýraga mynasyp boldy: bilim we terbiýe pudagynda innowasiýa üçin ýörite baýrak bolan «INTERACT – 2026 INNOVATIVE EDUCATOR AWARD» we ylmy barlaglaryň ähmiýeti hem innowasiýa mazmuny üçin berilýän «GOLD AWARD».

«WYSII – 2026» bäsleşiginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Rozmyradow «Ekologiýa taýdan arassa, ýokary durnukly keratin esasly bioplastik materiallary almagyň innowasion usullary» atly işi emin agzalary tarapyndan bellenmek bilen, «Ekologiýa we durnukly ösüş» ugry boýunça ilkinji 5-lige girizildi.
Öz ylmy işi üçin Mekan Rozmyradow bäsleşigiň iň ýokary baýragy bolan altyn medala mynasyp boldy.

Türkmen alymlarynyň bu üstünligi Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň güýçli ylmy-barlag binýady hökmündäki ýokary derejesini, şeýle hem ylmy barlaglarynyň amaly ähmiýetini we netijeliligini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Alymlarymyzyň üstünligi türkmen ýaşlarynyň ýokary hünär taýýarlygynyň, täze belentlikleri eýelemäge we ýurdumyzyň dünýä ylmy hem akademiki jemgyýetinde abraýyny berkitmäge yzygiderli taýýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Dünýä ýaşlarynyň STEM oýlap tapyşlary we innowasiýalary» (WYSII) atly taslamalar bäsleşigi ylym we tehnologiýa ulgamynda iň abraýly çäreleriň biri bolup, her ýyl dünýäniň dürli künjeginden zehinli ýaş alymlary, oýlap tapyjylary we ylmy işgärleri bir ýere jemleýändigini-de sözümiziň üstüne goşmak gerek.