Ï Türkmen talyplary Tailandda geçirilen halkara ylmy bäsleşikde baýraklary eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Tailandda geçirilen halkara ylmy bäsleşikde baýraklary eýelediler

view-icon 166
Türkmen talyplary Tailandda geçirilen halkara ylmy bäsleşikde baýraklary eýelediler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 29-njy ýanwardan 2-nji fewral aralygynda Bangkokda (Tailand) geçirilen «STEM 2026» (WYSII 2026) ulgamynda oýlap tapyşlaryň we innowasiýalaryň bütindünýä ýaşlar bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Jeýhun Jumaşow we Baýnazar Muhammedow bäsleşikde «HeartStep – ilkinji kommunikatiw başarnyklary ösdürmek boýunça taslama» diýen bilelikdäki ylmy taslamalaryny hödürlediler. Ýaş alymlaryň işläp taýýarlamalaryna halkara bilermenler tarapyndan ýokary baha berildi. Jeýhun we Baýnazar «Altyn medal TOP 5 Awards» hem-de «Iň oňat tanyşdyryş» baýraklar bilen sylaglandylar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Muhammetaly Hangeldiýew we Yhlas Gurbanow okuw kitaplarynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýalňyşlyklary aýyrmaga gönükdirilen «Synçy» diýen ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler. Innowasion taslama eminler tarapyndan bellenildi, onuň awtorlary bolsa bäsleşigiň «Ýörite baýragyna» hem-de «Altyn baýragyna» mynasyp boldular.

Türkmen talyplarynyň ýokary üstünlikleri Türkmenistanda ylmyň we bilimiň ösdürilmegine, geljekki hünärmenleriň ýokary hilli taýýarlanylmagyna, ýaşlaryň innowasion başlangyçlarynyň goldanylmagyna, olaryň dünýäniň akademiki we ylmy jemgyýetçiligine işjeň hem-de mynasyp gatnaşmagyna neneňsi uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

WYSII bütindünýä bäsleşiginiň ylym we tehnikalar dünýäsinde iň abraýly we ähmiýetli wakalaryň biri hem-de bütin dünýäden zehinli ýaş alymlaryň ählumumy durnukly ösüşe gönükdirilen innowasion pikirlerini jemlemek üçin her ýyl geçirilýän netijeli çäre bolup durýandygyny bellemek gerek.

Şu ýyl bäsleşige Malaýziýa, Tailand, Indoneziýa, Filippinler, Italiýa, Gonkong, Gazagystan, Bangladeş, Meksika we Türkmenistan ýaly ýurtlardan talyplaryň 715-si hem-de 232 sany ylmy işçi toparlar gatnaşdylar.

 Ozal biz Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleriniň «WYSII – 2026» bäsleşiginde abraýly sylaglara mynasyp bolandyklaryny habar beripdik.