Ï Türkmenistanyň häzirki zaman suratkeşligi we paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň häzirki zaman suratkeşligi we paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar

view-icon 131
Türkmenistanyň häzirki zaman suratkeşligi we paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar

Türkmenistanyň medeni durmuşy dürli-dürli wakalara baýdyr. Aşakda ýakyn wagtda geçiriljek iň möhüm çäreleriň gysgaça syny hödürlenýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýatyna iş saparyna ugrady. Saparyň çäklerinde sahna ussatlary Türkmenbaşy, Balkanabat, Gyzylarbat şäherlerinde we beýleki şäherlerde çykyş ederler. Welaýatyň ýaşajyk tomaşaçylary gurjak teatrynyň sahnalaşdyran eserlerinden lezzet alyp, ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

7-nji fewralda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň «Durmuş barada, söýgi barada» atly sergisiniň resmi açylyşy bolar. Medeni giňişligiň myhmanlary sungat eserleri bilen tanşyp, halan suratlaryny satyn alyp bilerler. Sergi 27-nji fewrala çenli dowam eder we giriş tölegsizdir.

Paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylara aşakdaky spektakllary hödürleýärler.

Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

07.02.2026: «Yşkyň gämisi» 19:00;

08.02.2026: «Mejbury tebip bolan» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

07.02.2026: «Ynsap» 19:00;

08.02.2026: «Bir ojakda iki dünýä» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

07.02.2026: «Näzli dildarym» 19:00;

08.02.2026: «Söweşe garşy söweş» 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

07.02.2026: «Дюймовочка» 12:00;

07.02.2026: «Струны души» 19:00;

08.02.2026: «В гостях у сказки» 11:00; 13:00;

08.02.2026: «Восемь любящих женщин» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

07.02.2026: «Gülki agşamy» 19:00;

08.02.2026: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

07.02.2026: «Janly gurjaklar» 17:00;

07.02.2026: «Şadyýan sazandalar» 19:00;

08.02.2026: «Böwenjik» 12:00; 15:00;

08.02.2026: «Altyn jüýje» 19:00.