Ï Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşigi geçiriler

view-icon 104
Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna hem-de ýurdumyzda her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlap, ýaşlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşigini guraýar.

Bäsleşige gatnaşmaga ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli bolan hemme gyzyklanma bildirýän ýaşlary çagyrylýar.

Ýaşlar web-saýtlary we programma üpjünçiligini, ykjam goşundylary işläp taýýarlamak, şeýle hem robot tehnikasy, elektron enjamlar, sanly we innowasion ykdysady nusgalar, hyzmatlaryň innowasion görnüşleri, himiýa we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, lukmançylyk babatda ýa-da islendik beýleki ulgamlarda öz pikirlerini we taslamalaryny görkezip bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler uniwersitetiň saýtynda 1-nji aprele çenli bellige alyş namasyny dolduryp, ony oguztaslama2026@gmail.com elektron salga ugratmalydyrlar.

Bäsleşige gatnaşmak diňe şahsy görnüşde amala aşyrylýar. Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigi 2 tapgyrda geçirilýär.

Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar öz taslamasyny doly taýýarlamaly hem-de ony guramaçylyk toparyna 1-nji maýa çenli tanyşdyrma görnüşinde ibermeli.

Netijeler Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň saýtynda 20-nji maýa çenli yglan ediler, şeýle hem gatnaşyjylara telefon ýa-da SMS arkaly habar berler.

Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen ýaşlar öz işleri bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bäsleşigiň 5 – 12-nji iýun aralygynda innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigi görnüşinde geçjek ikinji tapgyrynda çykyş ederler.

Sergi-bäsleşigine ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň hem-de öňdebaryjy telekeçileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça bäsleşigiň ýeňijileri yglan edilip, olaryň arasynda baýrakly orunlar: baş baýrak, iki sany I orun, dört sany II orun we alty sany III orun kesgitlener.

Baýrakly orunlary eýelänlere gymmat bahaly sowgatlar we degişli derejeli diplomlar, şeýle hem ýokary okuw mekdebe girmek hem-de işe ýerleşmek üçin uniwersitete hödürnamalar gowşurylar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde bolar.

Bäsleşik baradaky giňişleýin maglumatlar uniwersitetiň ýokarda görkezilen saýtynda täzelikler bölüminde ýerleşdirilendir, şeýle hem +99363719633, +99364973936, +99361788555, +99365596853, +99364921722, +99364479512 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.