Ï Italýan dizaýnynyň gözellikleri görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italýan dizaýnynyň gözellikleri görkezildi

view-icon 133
Italýan dizaýnynyň gözellikleri görkezildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen Italýan dizaýnynyň günleri öz işine başlady.

Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde Italiýa Respublikasynyň meşhur «IDOJI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentini we italiýan arhitektory Serjio Ferrandini ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde täsirli okuw sapagyny geçdiler. «Dizaýn – aragatnaşygyň serişdesi» atly okuw sapagynyň dowamynda Italiýanyň häzirki zaman dizaýnynyň we binagärlik sungatynyň arabaglanyşykdaky ösüşi, taryhy ýoly we dizaýnyň adamlara täsiri hem-de dünýä belli bu kompaniýanyň alyp barýan işleri barada gürrüňler edildi. Şeýle hem italýan ussatlary meşhur murano aýnasynyň taryhy, syrly tilsimatlary barada gürrüň berdiler. Murano aýnasy diňe bir owadanlyk däl, eýsem, asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen çylşyrymly tehnologik özgerişdir.

«IDOJI» Italiýanyň Wenesiýa şäherinde ýerleşýän dizaýn kompaniýasy bolup, lýustralary öndürmekde ýöriteleşdirilen taslamalar görnüşindäki iş bilen meşgullanýar. Sapagyň dowamynda lýustralardan başga-da, metal önümleri bilen kristal aýnalaryň çeper sazlaşygy esasynda döredilen nahar iýilýän stollary, çyralary, aýna çüwdürimleri, germewleri, diwarlyklary gadymy nusgawy ugurlara daýanyp, täzeçe görnüşlerde buýrujynyň islegine görä ýerine ýetirmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar.

Häzirki wagtda altmyş ýyldan gowrak wagt bäri bu kompaniýanyň özboluşly nepis işleri Angliýada, Müsürde, Russiýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda meşhur bolup, ol 1968-nji ýylda Wenesiýada prezident Domenika Kaminitiniň ejesi Françesko Makor Kaminiti tarapyndan uly bolmadyk kärhana görnüşinde esaslandyrylýar.

Kärhana öz işini Wenesiýanyň çeperçilik aýnasyny işläp bejerme işlerine ýöriteleşen, gymmat bahaly aýna önümlerini elde öndürmekden başlaýar.

Hanym Françeska we onuň ýanýoldaşy Antonio özleriniň täze söwda kärhanalaryny kiçijik çagalary Domeniko we Juzeppa bagyşlaýarlar. Şeýlelikde olaryň atlarynyň ilkinji iki harpyny alyp, «IDOJI» diýen ady döredýärler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen sapak gyzykly we täsirli boldy. Şeýle täsirli döredijilik duşuşyklary ýaşlaryň sungat boýunça bilimleriniň artmagyna giňden ýardam berýär.