Ýurdumyzdan on sany zehinli mekdep okuwçysy Gazagystanyň Astana şäherine ugrady, olar şol ýerde 2026-njy ýylyň 10 – 13-nji fewraly aralygynda toparlaryň düzüminde FTC (FIRST Tech Challenge) çempionatynyň sebit tapgyryna gatnaşarlar.
FIRST Tech Challenge Amerikanyň «First Global» guramasy tarapyndan ýola goýlan dünýäde iň uly robotçylyk bäsleşigidir. Oňa her ýyl 100-den gowrak ýurtdan 70 müňden gowrak mekdep okuwçysy gatnaşýar. Bäsdeşler özleriniň döreden robotlaryny ulanyp, çylşyrymly tabşyryklary ýerine ýetirýärler.
Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek sebit tapgyryna tutuş sebit boýunça 400-den gowrak dalaşgäriň arasyndan saýlanan iň güýçli 60 topar gatnaşar. Ýaş robotçylarymyzyň esasy maksady ýeňijileriň iň gowy üçlügine girmek we ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçiriljek dünýä finalyna gatnaşmaga hukuk gazanmakdyr.
Häzirki sebit tapgyryna Türkmenistandan iki topar gatnaşar. «Oguzrobot» toparynyň düzümine Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinden dört okuwçy: Aýnagözel Keýmirowa, Oraznyýaz Rejebow, Nepesaly Täçmyradow we Nuraly Kerimow, şeýle hem iňlis dilini, himiýany we biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Nazar Jumamyradow dagy girdi.
«Erjeller» toparyna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinden üç okuwçy – Dürdäne Gurbanowa, Arslan Babajyýew we Pirnazar Ataýew, şeýle hem iňlis dilini, himiýany we biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary Orazmuhammet Merdanow we Meýlis Baýryýew dagy girýär.
Ýaş inženerlerimiz bu halkara bäsleşige paýtagtymyzyň «Kämil bilim» okuw merkezinde düýpli taýýarlyk gördüler.
Ýatladyp geçsek, türkmen mekdep okuwçylary bu halkara bäsleşige geçen ýyl Astanada ilkinji gezek gatnaşyp, «Halkara üstünlik» baýragyna mynasyp boldular. Şu ýyl birden iki toparyň gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň tehnologiýa bolan höwesiniň ýylsaýyn artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.