Ï Türkmen kinosynyň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kinosynyň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

view-icon 81
Türkmen kinosynyň hepdeligi, sergiler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

16 – 22-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan baýramçylyk hepdeligi geçiriler. Çäreleriň maksatnamasy maslahatlary, konsertleri hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen kinofilmleriň görkezilişlerini özünde jemleýär. Esasy dabaralar paýtagtymyzyň esasy medeni ojaklary – «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda «Bedew batly Watanym» atly sergi dowam edýär. Sergide ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserler ýerleşdirilipdir. Eserler ýurdumyzyň şu ýyldaky «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesindäki üstünlikleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

16-njy fewralda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy bolar.

Paýtagtymyzyň teatrlary hem dürli sahna eserleri bilen tomaşaçylary begendirer. Şu hepde halkymyzyň baý medeni däplerini şöhlelendirýän nusgawy drama eserleri we häzirki zaman degişme sahna oýunlary görkeziler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

14.02.2026: «Gelin gelýär» 19:00;

15.02.2026: «Mukaddeslige tagzym» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

14.02.2026: «Super gaýyn ene» 19:00;

15.02.2026: «Toýmuza gel, toýmuza»,19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

14.02.2026: «Magnitafon» 19:00;

15.02.2026: «Sabyr Ataýewa» 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

14.02.2026: «Красная шапочка» 12:00;

14.02.2026: «Пять вечеров» 19:00;

15.02.2026: «Три поросёнка и серый волк» 11:00; 13:00;

15.02.2026: «Шикарный мужчина» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

14.02.2026: «Sakawyň soňuna seret» 19:00;

15.02.2026: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

14.02.2026: «Janly gurjaklar» 17:00;

14.02.2026: «Şadyýan sazandalar» 19:00;

15.02.2026: «Bir towşanjyk bar ekeni» 12:00; 15:00;

15.02.2026: «Wah, bu söýgi-dä» 19:00.