Ï «IDOGI» italýan kompanýasynyň wekilleri Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebinde boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«IDOGI» italýan kompanýasynyň wekilleri Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebinde boldular

view-icon 45
«IDOGI» italýan kompanýasynyň wekilleri Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebinde boldular

Italýan dizaýnynyň günleriniň çäklerinde Aşgabatda meşhur «IDOGI» italýan kompanýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti hem-de kompaniýanyň arhitektory Serjio Ferrandi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna baryp gördüler.

Italiýaly hormatly myhmanlar institutyň talyplary üçin mazmunly okuw sapagyny geçip, hünär işleriniň netijelerini we toplan tejribelerini paýlaşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri talyplary özleriniň binagärlik we dizaýnerlik taslamalary bilen tanyşdyryp, olary amala aşyrmagyň inçe syrlary hem-de bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribeleri barada giňişleýin durup geçdiler. Okuwyň esasy bölegi tamamlanandan soň, pikir alyşmalar bolup onuň dowamynda italiýaly hünärmenler ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň sowallaryna jogap berdiler.

Soňra myhmanlar öz saparlary mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-barlag hem-de taslama işleri görkezildi. Olaryň hatarynda gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýan institutyň täze binalar toplumy bilen tanyşdylar, bu toplumyň açylmagyna şu ýylyň sentýabr aýynda garaşylýar.

Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiň professorlary we talyplary tarapyndan işlenilip taýýarlanylan birnäçe häzirki zaman binagärlik taslamalary Aşgabatda eýýäm üstünlikli durmuşa geçirildi.

Italiýaly hünärmenlere institutda ekologiýa we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ileri tutulýan ugurlarda möhüm önümçilik wezipelerini çözmäge gönükdirilip alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada habar berildi. Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin institutda IT ylmy-tehniki merkeziň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen institutynyň Ka-Foskari Wenesiýa uniwersiteti hem-de Milan politehniki uniwersiteti ýaly abraýly italýan ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Hyzmatdaşlyk özara düşünişmek hakynda ozal gol çekilen Ähtnamalaryň esasynda ylmyň we bilimiň ileri tutulýan ugurlarynda üstünlikli ösdürilýär.