Ï Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew TÜRKSOÝ-nyň baýragyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew TÜRKSOÝ-nyň baýragyna mynasyp boldy

view-icon 89
Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew TÜRKSOÝ-nyň baýragyna mynasyp boldy

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) hem-de Türkiýäniň «Tiyatro» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda Stambul şäherinde bu gurama agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew «Iň gowy erkek keşbi» ugry boýunça halkara baýraga mynasyp boldy.

Bu ýeňiş Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzda teatrlaryň işi ulgamlaýyn esasda kämilleşdirilýär, olaryň maddy-tehniki binýady berkidilýär hem-de milli medeniýetimizi ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiziň sungat ulgamyna berýän uly ünsi netijesinde, türkmen ussatlary öz gazananlaryny halkara derejesinde giňden ykrar etdirmäge mümkinçilik alýarlar.

Sahnada ussatlygyň kemala gelmeginde yzygiderli geçirilýän festiwallar binýatlyk ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda her ýyl teatr gözden geçirişleri we forumlar, şol sanda halkara derejeli çäreler guralýar. Olar medeni gatnaşyklar üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär we ýurdumyzyň sungat işgärlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga hem-de dünýäniň ynsanperwer giňişligine üstünlikli goşulmaga ýol açýar.

Şu günki gowşurylan TÜRKSOÝ-nyň baýragy milli teatr sungatymyzyň ýokary abraýyny tassyklaýar. Ömrüni sahna sungatyna baglan ussat artist üçin bu ykrar edilme Türkmenistanyň baý medeni mirasyny saklamak we baýlaşdyrmak ýaly asylly wezipäni dowam etdirmekde täze itergi bolar.