Ï Sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşik geçirildi

view-icon 124
Sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşik geçirildi

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ýurdumyzyň ugurdaş orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Bu çäre Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda guraldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 15 talyp baýrakly orunlary eýelediler.

I orny Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Söýli Mürrikowa, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mähri Haşymowa hem-de Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Bägül Mammaýewa eýelediler.

II orna talyplaryň bäşisi: Aýjeren Meretgulýewa, Läle Ýazlyýewa (Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi), Aýgül Kelowa (Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi), Göwher Gurbanowa we Zyba Gurbanowa (Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi) mynasyp boldular.

III orna talyplaryň ýedisi: Ogulnabat Berdiýewa, Gözel Hallyýewa, Orazjahan Myradowa (Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi), Sewinç Hoşwagtowa (Lebap welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebi), Nowçagül Aşyrowa (Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi), Aýna Gurbangulyýewa (Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi), Aýlar Aşyrmämmedowa (Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi) mynasyp boldular.

Ýeňijiler degişli derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryna talyplary olimpiada ýokary derejeli taýýarlandyklary üçin Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşik has zehinli talyplary ýüze çykarmak we goldamak, olary ylmy işler bilen meşgullanmaga höweslendirmek, olaryň nazaryýet bilimlerini ýokarlandyrmak hem-de amaly başarnyklaryny ösdürmek, hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemek we ýokary hünär derejeli uly isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen geçirildi.