Ï Genetika boýunça IV olimpiada gatnaşjaklardan ýüztutmalar kabul edilip başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Genetika boýunça IV olimpiada gatnaşjaklardan ýüztutmalar kabul edilip başlandy

view-icon 85
Genetika boýunça IV olimpiada gatnaşjaklardan ýüztutmalar kabul edilip başlandy

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda genetika boýunça IV olimpiada gatnaşjaklary bellige alýar.

Institutyň bagçylygy we gök önümçiligi öwreniş kafedrasy tarapyndan guralan olimpiada 7-nji aprelde sagat 14:00-da ýokary okuw mekdebiň sanly bilim portalynda geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmaga dürli hünärler hem-de taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden olimpiada bäşden köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçirilýär. Gatnaşjaklar üçin 50 sany test sowaly taýýarlanyldy. Testleri ýerine ýetirmäge 90 minut wagt berilýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça has köp utuk toplan talyplar ýeňijiler diýlip yglan ediler. Bäsleşigiň netijeleri şahsy we toparlaýyn hasaplarda jemleniler. Olimpiadada I, II we III orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepler 1-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna gatnaşjak topar hem-de onuň jogapkär ýolbaşçy mugallymy baradaky maglumatlary tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ibermelidirler.

Olimpiadanyň geçirilişiniň hem-de oňa gatnaşmagyň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirilendir. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99362414014; +99362140139.

Her ýylky olimpiada zehinli talyplary ýüze çykarmak we goldamak, olaryň akademiki dersler boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet we halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, döredijilik we ylmy işjeňliklerini höweslendirmek hem-de talyplaryň özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen geçirilýär.