Ï Medipol universitetiniň rektory Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynda kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medipol universitetiniň rektory Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynda kabul edildi

view-icon 164
Medipol universitetiniň rektory Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynda kabul edildi

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Ö.Jumanazarow Türkiýe Respublikasynyň Medipol universitetiniň rektory Bahadyr Kürşat Güntürk bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn ylmy-akademiki we lukmançylyk ugurlarda tejribe gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem-de türkmen ýaşlarynyň Türkiýede bilim almagy bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Rektor B.Güntürk bu ýokary okuw mekdebiniň häzirki wagtda halkara derejede giň hyzmatdaşlyk ulgamyna eýedigini, şol sanda daşary ýurtly talyplar üçin döredilýän mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylýandygyny belledi.

Baş konsul öz gezeginde türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki bilim merkezlerinde bilim almagyna döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen talyplarynyň Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli bilim alyp, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny nygtady.

Duşuşykda türkmen talyplary üçin täze mümkinçilikleri döretmek, stipendial maksatnamalary giňeltmek, mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalyş taslamalaryny ýola goýmak hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde degişli şertnamalaryň baglaşylmagynyň hem-de hyzmatdaşlygyň anyk maksatnamalary arkaly dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Bilim we tejribe ulgamyndaky bu hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky strategiki gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we ýaş nesil üçin täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat eder.