Ï Türkmenistanda «Hereketde» diýen şygar astynda «Frankofoniýa –2026» bäsleşikleri başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Hereketde» diýen şygar astynda «Frankofoniýa –2026» bäsleşikleri başlandy

view-icon 159
Türkmenistanda «Hereketde» diýen şygar astynda «Frankofoniýa –2026» bäsleşikleri başlandy

Türkmenistandaky Fransuz instituty (TFI) şu ýyl «Hereketde» diýen şygar astynda geçýän «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiklerine gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär.

Çäreleriň meýilnamasynda aýdym-saz bäsleşigi, düzme ýazmak bäsleşigi hem-de dürs ýazuwyň dilden bäsleşigi bar. Bäsleşiklere Türkmenistanyň raýatlary bolan we fransuz dilini öwrenýän ýa-da ozal öwrenen 17 ýaşdan uly adamlar gatnaşyp bilýärler.

Aýdym-saz bäsleşigi oňa gatnaşyjylara fransuz dilinde aýdymyň ýerine ýetirilişiniň wideoýazgysyny taýýarlamagy teklip edýär. Kompozisiýany saýlamak erkindir, ýöne, ol bäsleşigiň umumy temasyna kybap gelmelidir. Wideoýazgyny TFI-ne 13-nji martdan gijä galman sagat 18:30-a çenli kompakt-diskde ýa-da USB-toplaýjyda berilmelidir. Eminler finalçylaryň ukyp-başarnygyna sözleýişiň hili we artikulýasiýasy, ses aýratynlyklary, wideoişleriň özboluşlylygy we tema laýyk gelşi boýunça baha bererler. Iň oňat ýerine ýetirijiler bäsleşigiň finalynda sahnada çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Düzme ýazmak bäsleşigi 14-nji martda TFI-niň binasynda sagat 16:00-da geçiriler. Gatnaşmak üçin 12-nji marta çenli (18:30-a çenli) institutyň mediatekasynda ýa-da ift.culture@gmail.com elektron salgy boýunça bellige alynmak gerek. Ýazuw işiň temasy bäsleşigiň geçirilýän gününde yglan ediler. Işlere üç esasy ugurlar: fransuz diliniň sowatlylygy we usuly, tabşyryga laýyklygy we özboluşlylygy boýunça baha berler. Ýeňijiler sylaglanylyş dabarasynyň dowamynda sahnada öz işleri bilen çykyş ederler.

Dürs ýazuwyň dilden bäsleşigi birinji ýa-da ikinji daşary ýurt dili hökmünde fransuz dilini öwrenýän ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna niýetlenen aýratyn ugurdyr. Bäsleşigiň birinji tapgyry 11 –12-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda geçiriler.

Saýlama tapgyrda birinji we ikinji orunlary eýelän gatnaşyjylaryň iň oňat sekizisi finala çagyrylar. Jemleýji tapgyr oňa gatnaşyjylaryň bire-bir bolup, ikiçäk görnüşde gatnaşmagynda bäsleşikden göni çykmak arkaly geçiriler.

Bäsleşigiň finaly hem-de sylaglaýyş dabarasy 4-nji aprele meýilleşdirildi. Jemleýji çäreler Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler.

Guramaçylar bäsleşikleriň oňa gatnaşyjylaryň özlerini görkezmekleri, tejribe alyşmaklary we döredijilik taýdan ösmekleri üçin meýdança öwrüljekdigine ynam bildirýärler.

Halkara Frankofoniýa gününiň çäklerinde her ýyl geçirilýän bäsleşikler Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda fransuz diline bolan gyzyklanmany artdyrmaga, fransuz dilini wagyz etmäge hem-de ýaş zehinleri goldamaga, şeýle hem türkmen-fransuz medeni we bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.