Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili mugallymlary we bu dili öwrenýän talyplar üçin onlaýn okuw geçirildi.
«Ýapon diliniň düşümlerini okatmagyň usulyýeti» atly onlaýn okuw sapagyny Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Ynsanperwer ylymlary institutynyň dosenti Hidaka Sinsuke alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda Sukuba uniwersitetiniň dosenti Hidaka Sinsuke ýapon dilini öwretmegiň inçe syrlaryny we düşümleriň aýratynlyklaryny özünde jemleýän ylmy-usuly maglumatlary institutyň mugallymlary bilen paýlaşdy. Şeýle hem talyplar ýapon dilini okatmagyň döwrebap usullary barada sowal-jogap alyşdylar we ýapon dili boýunça bilim derejesini görkezdiler.
Ýaponiýaly mugallym Iwai Ýufunyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň ýapon dilini öwrenmäge bolan höwesi yzygiderli ösýär, bu bolsa türkmen-ýapon ynsanperwer gatnaşyklaryny geljekde has-da berkitmegiň möhüm görkezijisi bolup durýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen okuw sapagy Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge, okatmaga we öwrenilen tejribeleri durmuşa geçirmäge goşandyny goşan ikitaraplaýyn çäreleriň biri boldy.
Çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Sukuba uniwersitetiniň arasynda bilim ulgamynda alyş-çalyş etmek we hyzmatdaşlygy saklamak hakynda baglaşylan Ylalaşygyň çäginde geçirildi.