Ï Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

view-icon 109
Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi
Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi
Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi
Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi hem-de ilçihananyň wekilleri ýokary okuw mekdebinde geçirilmegi däbe öwrülen çäräniň hormatly myhmanlary boldular.

Bäsleşige Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar iki tapgyrda – başlangyç we ösen derejeler boýunça ýapon diline özleriniň erk edip bilişlerini görkezdiler. Talyplaryň dil başarnyklarynyň başlangyç derejesine ýapon ertekisini ýatdan gürrüň berişleri boýunça baha berildi. Şunda dürs we takyk sözleýşi, äheň bermegiň we säginmeleriň sowatly ulanylyşy, köpçüligiň öňünde çykyş etmek bilen teksti ýatdan erkin we labyzly beýan etmek başarnyklary göz öňünde tutuldy.

Talyplar ýapon diline erk edip bilişlerini ösen derejede erkin tema boýunça öz ýazan düzmeleriniň esasynda taýýarlan tanyşdyrmalary bilen görkezdiler. Eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna ýapon dilinde dogry sözleýişleri, sesleriň labyzlylygy, anyk sowatlylygy, çykyşyň mazmuny hem-de bäsleşigiň talaplarynyň berjaý edilişi boýunça baha berdiler.

Çykyşlar talyplaryň dil bilimleriniň derejesini, olaryň aragatnaşyk alyp baryş we döredijilik ukyplaryny, dilden sözlemek hem-de ýapon dilinde köpçüligiň öňünde çykyş etmek başarnyklaryny doly derejede açmaga mümkinçilik berdi.

Sahnada bäsleşige gatnaşan talyplaryň görkezen ýokary bahalara mynasyp bolan işleri myhmanlarda ajaýyp täsir galdyrdy hem-de türkmen ýaşlarynyň ýapon dilini öwrenmäge bolan barha artýan gyzyklanmalarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere diplomlar hem-de birnäçe ýapon kompaniýalarynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşikde I we II orunlary eýeläp, ýapon diline ösen derejede ynamly erk edip bilişlerini görkezen talyplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplarynyň arasynda ýapon diliniň gepleşmek usuly boýunça geçiriljek sebitleýin bäsleşige gatnaşmaga çakylyk aldylar.