Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Çärä mekdep-internatyň mugallymlary, halypalar, şeýle hem hormatly myhmanlar – milli däp-dessurlarymyzy saklaýjylar we ýaşlar üçin görelde mekdebi bolan kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Olara okuwçylar gül desselerini gowşurdylar. Soňra bolsa zenanlarymyzy wasp edýän şygyrlar okalyp, aýdym-sazly konsert boldy.

Sahnada Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň ruhy-ahlak mirasynyň esaslaryny görkezýän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» kitabyndan parçalar okaldy. Baýramçylyk çäräni görnükli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ylhamly setirleri, sahnalaşdyrylan oýunlar we halk tanslary has-da baýlaşdyrdy. Çäräniň çäginde guralan paýhas synagy bolsa okuwçylara öz zehinlerini görkezmäge mümkinçilik berdi we ýeňijiler baýraklar bilen sylaglandylar.

Baýramçylyk konserti terbiýeçiler Bezirgen Muhammedow we Maýa Sopyýewa, direktoryň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Jelaleddin Rejepowyň goldawy bilen guraldy. Bezirgen Muhammedowyň belleýşi ýaly, beýle duşuşyklara mährem enelerimiziň gatnaşmagy mekdep okuwçylaryny ylymda täze belentliklere ýetmäge we Watanyň bähbidine zähmet çekmäge höweslendirýär. Okuwçylarymyz diňe bir ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşman, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere hem gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň golaýda Dubaýda geçirilen halkara himiýa olimpiadasynda gazanan ýeňşini görkezmek bolar.


Ýaş zehinleriň ykrar edilmegi baýrak gowşurylyş dabarasy bilen dowam etdi. Konserte gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Mekdep müdiri Sahragözel Murzaýewa çagalara mähirli arzuwlar bilen ýüzlenip, olara okuwlarynda yhlasly bolmaklaryny we üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.

Ýöriteleşdirilen mekdep-internaty takyk ylymlardaky, daşary ýurt dillerini öwrenmekdäki we döredijilikdäki üstünliklerini utgaşdyrýan okuwçylary bilen buýsanýar. Nusgawy goşgulary okap we häzirki zaman eserlerini ýerine ýetirip, okuwçylar diňe bir öz zehinlerini däl, eýsem, milli medeniýete bolan söýgini hem görkezdiler. Şeýle çäreler ýaş nesilde hakyky watançylyk we jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär, ýurduň gülläp ösmegi üçin berk binýady döredýär.
