Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Yhlas Kömekow we Soltanmyrat Tairow Italiýanyň Kýeti we Peskara şäherlerindäki Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersitetinde tejribelik geçýärler.
Bäş aýa niýetlenen tejribelik okuw Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Bu okuw sapary türkmen we italýan uniwersitetleriniň arasyndaky talyp alyş-çalşygynyň ilkinji tejribesi bolup, ol iki ýokary okuw mekdebiň, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda talyplarymyz Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersitetiniň binýadynda öz hünärleri boýunça bilimlerini we taýýarlyklaryny kämilleşdirýärler.
Hususan-da, maksatnama talyplara halkara syýasaty we diplomatiýa ulgamynda bilimlerini çuňlaşdyrmaga, amaly tejribe toplamaga hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmek başarnyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gatnaşyjylar Ýewropanyň bilim standartlary bilen ýakyndan tanyşýarlar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen medeni we ylmy aragatnaşyklary ýola goýýarlar. Bu bolsa medeniýetara gatnaşyklaryň, ynsanperwer gepleşigiň ösmegine, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň pugtalanmagyna uly ýardam edýär.
Türkmen talyplarynyň halkara taslamasyna gatnaşmagy ýurdumyzda bilime we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň netijeli okamaklary, ylmy iş bilen meşgullanmaklary hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde tejribe we bilimlerini baýlaşdyrmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.