Türkmenistanyň wekiliýeti 5 – 7-nji martda Daşkentde geçirilen Britan geňeşiniň hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşdy.
Forum «Merkezi Aziýada iňlis diliniň okadylyşyny tizleşdirmek» (AELLCA) maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Sammit 10 sany britan we 18 sany Merkezi Aziýa uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine, şeýle hem iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak maksatnamasy (PRESETT) boýunça öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň mundan beýläk-de ornaşdyrylmagyna bagyşlandy.
Çärede Türkmenistana Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we hünärmenleri wekilçilik etdiler.
Duşuşygyň çäklerinde D. Azady adyndaky TMDDI-niň wekilleri halkara jemgyýetçiligini ýokary okuw mekdep tarapyndan Trent Nottingem uniwersiteti (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde durmuşa geçirilen «Mugallymlary taýýarlamaga inklýuziw tejribeleri ornaşdyrmak» taslamasynyň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Bu hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda, Türkmenistanda mugallymlaryň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmäge hem-de has inklýuziw we döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Sammitiň dowamynda sebitiň ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri bilen bilelikde türkmen wekiliýetiniň agzalary okuw maksatnamalaryny rejelemek we bilim edaralarynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen geňeşmelere işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanly wekiller bilim ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin umumy meseleleri ýeňip geçmek boýunça gazagystanly we gyrgyzystanly kärdeşleri bilen pikir we tejribe alyşdylar.
Türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda mugallymlaryň hünär derejeleriniň durnukly ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek (CPD) hem-de bilim edaralarynda uzak möhletleýin institutsional özgertmeleri ornaşdyrmak boýunça ýöriteleşdirilen toparlaýyn mejlisleriň çäklerinde bilelikdäki maslahatlaşmalar netijeli geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri sebitde gender deňligini we inklýuziwligi üpjün etmek meseleleri boýunça maslahatlaşmalara işjeň gatnaşdylar, şonda iňlis diliniň okadylyşyny halkara standartlaryna laýyk getirmegiň ýollaryna garaldy.
D. Azady adyndaky TMDDI-niň hünärmenleri Nottingem Trent uniwersiteti bilen iki ýokary okuw mekdebiň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipleri beýan etdiler.
Hususan-da, mugallymlaryň hünär taýdan üznüksiz ösüş ulgamyny giňeltmek (CPD), AELLCA maksatnamasynyň goldamagynda PRESETT-iň we INSETT-iň mugallymlaryny birleşdirýän Mugallymçylyk gatnaşyklary hemişelik merkezini (Teachers’ Hub) döretmek boýunça başlangyçlar teklip edildi.
Şeýle hem halkara derejesinde bilelikdäki onlaýn-okuwlaryň taslamalaryny (COIL – Collaborative Online International Learning), sanly ulgam arkaly okuw maslahatlaryny hem-de akademiki alyşmalary guramak, PRESETT mugallymlaryny taýýarlaýyş ulgamynda inklýuziw okuw maksatnamalaryny ösdürmek hem-de institutyň mugallymlary üçin inklýuziw taýdan okatmagyň häzirkizaman usulyýetleri boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary geçirmek teklip edildi.
Daşkentdäki sammit Türkmenistanda we umuman sebitde iňlis dilini okatmagyň häzirkizaman usullaryny kämilleşdirmek we ornaşdyrmak babatda uly goldaw berdi. Halkara çäresi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň öňdebaryjy dünýä tejribeleri we institutlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda okgunly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.