Ï «Nowruz ýaýlasy» Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň merkezine öwrüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nowruz ýaýlasy» Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň merkezine öwrüler

view-icon 102
«Nowruz ýaýlasy» Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň merkezine öwrüler

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe görülýän taýýarlyk işleri wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynyň esasy mowzugy boldy.

Esasy dabaralar Ahal welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Nowruz ýaýlasy» meýdançasynda ýaýbaňlandyrylar. Çäreleriň maksatnamasy asylly milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň edebi mirasyna esaslanýar.

Baýramçylygyň myhmanlaryna janly sergileri öz içine alýan giň gerimli medeni marafon garaşýar. Bu çäreleriň hatarynda ekerançylygyň, bagbançylygyň we senetçiligiň gadymy däplerini janlandyrýan sahnalaşdyrylan görkezişler, döredijilik toparlarynyň çykyşlary, baýramçylyk konsertleri, sungat ussatlarynyň sergileri hem-de myhmansöýerlik we maşgala dabaralary bilen bagly milli däp-dessurlaryň görkezilmegi bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.